Ýewropanyň sebitleýin komitetiniň altmyş ýedinji sessiýasynda BSGG-nyň Ýewropa Sebit Edarasynyň direktorynyň Dr Zsuzsanna Jakabyň çykyşy.
2017-nji ýylyň sentýabr aýynyň 11, Budapeşt, Wengriýa
Siziň aly hezretiňiz Daniýanyň kron şa zenany, hormatly ministrler we wekiliýetleriň agzalary, hanymlar we jenaplar, we elbetde biziň täze Baş direktorymyz, doktor Tedros.
Jenap Baş direktor, her bir adamyň kimdigine we ýaşaýan ýerine garamazdan sagdyn we talaba laýyk durmuş bilen ýaşap bilmek baradaky siziň arzuwyňyzy biz doly ylalaşýarys.
Durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibiniň we saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ähliumumy gurşap almak ugrunda yhlas etmegiň döwründe we häzirki zaman bilimleriň bar bolmagynda bu arzuwy hakykata öwürip bileris.
Saglyga, adalatlylyga, deň hukuklylyga, ähliumumy gurşap almaga we raýdaşlyga bolan hukuga aýratyn üns bermek bilen, saglygy ösüşiň merkezi düzüjisine öwürmelidiris.
Biz, saglyga ýokary girdejileri getirýän has paýhasly maýa goýum hökmünde düşünmelidiris. Geçen ýyllaryň dowamynda Ýewropa sebitindäki tagallalarymyz hut şuňa gönükdirilipdi.
Şu maksatlara ýetmek üçin ilkinji nobatda berk syýasy ygrarlylygy üpjün etmegimiz we “hiç kimi ünsden düşürmeli däl” diýen ýörelgä eýermegimiz gerek.
Saglyk – bu hakykatdan hem syýasy saýlama, we şu zalda premýer –ministrleriň we premýer – ministrleriň orunbasarlarynyň bolmagy –aýdylanlara doly subutnama bolup durýar.
Hanymlar we jenaplar,
Durnukly ösüşiň maksatlary bizi sazlaşykly hereketlere, zerur bolan serişdeleri toplamaga we dünýaniň raýdaşlyk ýagdaýyna laýyklykda olaryň amala aşyrylmagyny üpjün edilmegine çagyrýar.
Biz möhüm ugurlarymyzy anyk kesgitledik we bilelikdäki borçnamalarymyzy durmuşa geçirýäris.
Deňsizlige garşy göreşe, “hiç kimi ünsden düşürmeli däl” ýörelgesine uly üns bermelidiris we syýasatyň ähli ugurlarynda gender ýagdaýlaryny we adam hukuklary meselelerini göz öňünde tutmalydyrys. Saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ähliumumy gurşalyp alynmagyna ýetmelidiris. Ilkinji kömege üns bermek bilen, saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmelidiris. Meseleleri olaryň başlanýan ýerinde çözmelidiris, keselleriň öňüni almaga we saglygy berkitmäge aýratyn üns bermelidiris we adamlaryň durmuşunyň ähli tapgyrlarynda hereket etmelidiris. Her bir adamyň saglygyny we abadançylygy gazanmak üçin, saglygyň sebäpleriniň ählisine täsir etmelidiris. Şeýle-de adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmalydyrys we ýerlikli (adekwat) jogap çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmelidiris.
Hanymlar we jenaplar,
Häzir biz esasy strategiki wezipelerini we Saglyk–2020 syýasatyň möhüm ugurlaryny, durnukly ösüşiň 3-nji maksady bilen, şeýle-de durnukly ösüşiň maksatlaryň çäklerinde beýleki wezipeler bilen jikme – jik deňeşdirip bileris.
Durnukly ösüşiň maksatlary bilen Saglyk–2020 syýasatyň arasyndaky ysnyşykly gatnaşygy şu günki tanyşdyrylyş dabarasy size aýdyň görkezer.
Biz möhüm ösüşi gazandyk. Saglyk–2020 syýasatyň amala aşyrylmagynyň orta depginli seljerilmesi, Ýewropada saglygy gowylandyrmaga tarap hereket edýändigimizi görkezdi. Birnäçe mysallary görkezmäge maňa rugsat ediň.
Biziň soňky maglumatlarymyza laýyklykda Ýewropa sebitinde garaşylýan ömür dowamlylygy 77 ýaşdan artdy.
Dogulanda garaşylýan sagdyn ömür dowamlylygy tutuş Sebit boýunça 68 ýaşa ýetdi.
30–dan 69 çenli ýaşdaky erkekleriň we aýallaryň arasynda esasy ýokanç däl kesellerinden ölümçiligiň peselmegine yhlas edilmegini görmek bolýar.
2003–nji ýyldan bäri ähli ýurtlarda diýen ýaly biwagt ölümçiligiň ýylda ortaça 2–3 % peselmegini görmek bolýar.
Bäbek ölümçiligi taryhy has pes derejä ýetdi: müň diri dogulanlara 6,7.
Şol bir wagtda ýetilen üstünlik gyradeň ýaýramaýar.
Ýurtlarda bolşy ýaly we olaryň arasynda hem düýpli deňzislik saklanyp galýar. Mysal üçin, Sebitiň ýurtlarynda garaşylýan ömür dowamlylygy 70–den 83 ýaş aralygynda, 13 ýyl tapawut bilen, üýtgeýär. Sagdyn durmuşyň ýaşynyň görkezijisi 60 – dan 73 çenli üýtgeýär, ýagny 13 ýyldan hem artyk tapawut bilen. Bäbek ölümçiligiň görkezijileri 10 esseden artyk tapawutlanýar. Has düýpli tapawut çagalaryň gyzylja keseline garşy wakinalary ulanmak arkaly sanjymlaryň görkezijilerinde görmek bolýar, olar 42% -den 99% çenli. Bular ýaly tapawut howsalany döretmän bilmez. Olary azaltmak üçin aýgytly çäreleri görmelidiris.
Hanymlar we jenaplar,
2030 Gün tertibine baglylykda - saglyk bu diňe durnukly ösüşiň 3-nji maksady däldigini bilýäris.
Saglyk – bu durnukly ösüşiň beýleki maksatlary üçin hem esasy düzüji we herekete getiriji güýç, bu bolsa saglygyň we onuň kesgitleýji sebäpleriniň çylşyrymlydygyny, köp ugurlydygyny we köp ulgamlydygyny ýene-de bir gezek belläp geçýär.
Saglyk – 2020 syýasatyň esasy strategiki wezipeleri bize geljekki hereketleri görkezýär.
Bu wezipeleri berjaý etmek üçin, işiň täze ýörelgelerini ulanmalydyrys. Pudaklaryň arasynda ylalaşykly hereket ediji (sinergetiki) gatnaşyklary gurmalydyrys, jemgyýetleri we aýry raýatlary toplamalydyrys we şu wezipelere degişlilikde bir pikire gelmek üçin raýat jemgyýetçiligini çekmelidiris.
Umumy döwlet çemeleşmesini, bütin jemgyýetiň gatnaşmak ýörelgesini we ähli baş ýörelgelerde saglygyň bähbitlerini hasaba almak ýörelgesini ulanmaklyga çalyşmalydyrys.
Pudagara we edaralar arasyndaky bilelikdäki hereketi ösdürmek boýunça geçen ýylyň dekabr aýynda Parižde geçirilen maslahat şular ýaly has möhüm bilelikdäki hyzmatdaşlygyň mysaly boldy.
Ýewropa ýurtlarynyň saglygy goraýyş, durmuş taýdan goralmak we bilim pudaklarynyň wekilleriniň ilkinji gezek bilelikdäki gatnaşan şu çäräni kabul ediji ýurt hökmünde Fransiýanyň hökümetine minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Ähli çagalara has amatly durmuş başlangyjyny we maşgalanyň, bilimiň, saglygyň we durmuş taýdan goralmagyň goldawynyň kömegi bilen, geljekki durmuş üçin gowy mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen anyk ädimleri Parižde ylalaşdyk.
Maslahatyň jemleýji resminamasy geljekki pudagara hereketimiziň syýasy binýady bolup hyzmat edýär. Agza – döwletleriň haýyşy boýunça Parižde döredilen hereketleriň bu meýilnamasy hemişe hereket ediji häsiýetde bolar.
Hyzmatdaşlyklar – maksada ýetmegiň netijeli girewidir. Sebitleýin utgaşdyryjy guralyň howandarlygynda saglyk meseleleri boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň sebitleýin maksatly işçi birlşigine Sebitleýin edara ýolbaşçylyk edýär. Häzirki wagtda hereketleriň Pariž meýilnamasy we saglyk meseleleri boýunça maksatly işçi topary bir gurluşa birleşdirildi.
Maksatlara ýetmek üçin Sub milli derejesine möhüm orun degişlidir.
Bu orny utgaşdyrmak üçin hereketleriň esasy meýilnamalaryň hatarynda aşakdakylary görkezmek bolar:
- Günorta - Gündogar Ýewropanyň saglygy goraýyş Torlary Ministrler maslahatynda kabul edilen Kişinýow ylalaşygy;
- «Sebitler – saglygy goldaýar » torynyň Kaunasda geçen maslahatyň netijeleri;
- Maltada geçirilen maslahatda kabul edilen Kiçi ýurtlar üçin Başlangyjyň çözgütleri;
- «Sagdyn şäherler» Ýewropa torynyň maslahatynda kabul edilen Peç jarnamasy
Biz bu başlangyçlary yzygiderli gollamaga taýýar.
Şeýle-de BSGG hyzmatdaşlyk edýän merkezlerine, olaryň berýän bu möhüm goldawy üçin, minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Saglyga we saglykda adalatlylyga degişliliklde öňe gidişlik gazanmak üçin, saglygy goraýyş pudagynda syýasatyň ähli çärelerine we, saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ähliumumy gurşap almagy bilen baglylykda, XXI asyryň saglygy goraýyş ulgamlaryna tagallalarymyzy gönükdirilmelidiris.
Bu wezipe ýurtlar üçin ösüş ulgamynda meýilnamalaşdyrmagyň aýrylmaz bölegi bolmalydyr.
Amaly hereketlere höwes döretmek bilen saglygy goraýşyň milli baş ýörelgelerine Saglyk -2020 syýasaty işjeň goşulýandygyny orta möhletli syn görkezdi.
Häzirki wagtda ähli ýurtlarda diýen ýaly, Saglyk–2020 syýasaty bilen ylalaşylan hususy saglygy goraýyş baş ýörelgeleri bolup, olarda milli we sub milli derejeleri üçin maksatly bellikler we görkezijiler kesgitlenendir. Ýurtlaryň aglabasynda saglykda deňsizlige garşylyk boýunça syýasatyň baş ýörelgeleri ýa-da çäreleri bar.
Şu wagt saglyga maýa goýumlary goýmak zerurlygy ilkinji oruna çykýar, birnäçe ýurtlaryň ony etmäge mümkinçiligi bar. Has dogrusy bu ykdysady kynçylyk dälde, syýasy saýlama.
Jemgyýetçilik saglygy goraýyş–ilatyň saglygyny adalatly gowulandyrmagyň hereketlendiriji güýji. Jemgyýetçilik saglygy goraýşy goldamaga bize täze we has işjeň çäreler zerur.
Jemgyýetçilik saglygy goraýyşda geçirilýän çäreler serişdeleri tygşatlamaga ýardam edýär we, Sebitde jemgyýetçilik saglygy goraýyş syýasatynyň çärelerine maýa goýumlaryň netijesinde, saglyk we durnukly ösüş bähbitlerinde ýokary ödeýjiligi üpjün etmäge ukyplydygyny bar bolan hakyky maglumatlar beýan edýär. Ýylda saglykda deňsizligiň 1 % peseldilmegi ýurdyň Jemi Içerki Önümiň ösüşini ýylda 0,15% artdyrmaga ýardam edýär.
Saglygyň berkidilmegi we keselleriň öňüni alynmagy netijelidir: şeýlelikde, girdejileriň derejesi pes we orta bolan ýurtlarda ýürek keselleriniň ýaýramagynyň 10 % peseldilmegi, ýylda 20 milliard ýewro tygşytlamaga ýardam eder.
Esasan, biz sosial goragyň çärelerine maýa goýmalydyrys – irki ösüşe goýlan her bir ýewro, 17 ýewro girdeji berýär. Bu ýerde hereketsizligiň ýokary gymmatyny bellemek gerek: keselleriň ýokary emgegi bilen şertlendirilen göni we goşmaça çykdajylar, Jemi Içerki Önümiň 15 -20% ýurtlara düşmegi mümkin.
Jemgyýetçilk saglygy goraýşyna maýa goýumlary mundan beýläk hem artdyrmak bolar.
Jemgyýetçilik saglygy goraýşyň gün tertibiniň mundan beýläk öňe gitmegi üçin, geljekde jemgyýetçilik saglygy goraýşyň ornuna syn bermegi we resmi kesgitlenen (institusional) we işgärler çeşmelerini berkitmegiň ähmiýetine baha bermegi tabşyrdym. Şu sessiýada hödürlenen habar berýän resminamasy bilen siz tanyşyp bilersiňiz.
Ertir Durnukly Ösüşiň Maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Ýol kartasyna serederis, şeýle-de Saglyk-2020 syýasata, Ýokanç Däl Keseller we Durnukly Ösüşiň Maksatlary üçin gözegçiligiň bitewi guralyny ara alyp maslahatlaşarys.
Hanymlar we jenaplar,
Saglygy goraýyş ulgamlarynyň mowzugyna geçmegi maňa rugsat ediň.
Saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ähliumumy gurşap alynma – bu birleşdiriji baş ýörelge, saglygy goraýyş hyzmatlaryny toplumlaýyn hödürlemek we jemgyýetçilik saglygyny goramak üçin hereketleriň meýilnamasy (platformasy) – sosial adalatlylygyň has möhüm sebäpleriniň biri.
Biziň hödürlän giň kesgitlemämiz «maliýe taýdan kynçylyklary başdan geçirmän adamlaryň alyp biljek saglygy goraýyş hyzmatlaryny, şeýle hem saglygy berkitmegi, keselleriň öňüni alynmagyny, bejergini we saglygy dikeltme ýardamyny» gurşap alýar.
Ýewropa sebitinde ahliumumy gurşap alma ýörelgesine giň ygrarlylygy emele getirdik, we bellenilen maksatlaryň köpüsi amala aşyryldy. “Saglygyň ýaramazlaşmagynyň netijesinde adamlaryň garyplyk ýagdaýyna düşmegine ýol berilmeli däldir” onuň möhüm ýörelgesi bolup, ol Tallin hartiýasynyň we Saglyk–2020 syýasatyň esasyny düzdi.
Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi özüniň ähli ilaty üçin saglygy goraýyş hyzmatlary bilen gurşap almagy üpjün edýär, emma bular ýaly gurşap alma öz özünden maliýe goragyny kepillendirmeýär.
Şeýlelikde, Sebitiň aglaba ýurtlarynda raýatlaryň hususy serişdeleriniň hasabyna saglygy goraýyş hyzmatlary üçin tölegler ozalkysy ýaly ýokary bolup galýar.
Netijeli hereket edýän saglygy goraýyş ulgamlary ygtybarly maliýe goraglylygyny üpjün edýär we saglygy goraýşyň umumy çykdajylaryndan syrkawlaryň şahsy serişdelerinden 15%-den ýokary bolmadyk tölegi peseltmäge mümkinçilik berýär.
Köp ýurtlara saglygy goraýşyň döwlet tarapyndan maliýeleşdirilme bölegini artdyrmak, şeýle-de öz syýasatyny garyp ilatyň goraglygyna ýokary derejede gönükdirmek gerek.
Öz hasaplamalarymyzda girdejisiniň derejesi ýokary we orta bolan Sebitiň ýurtalary üçin täze usuly ulanmak bilen, ilatyň maliýe goraglylygynyň yzygiderli gözegçiligini (monitoringini) alyp barýarys.
Adamlaryň mätäçligine bitewleşdirilen we gönükdirilen saglygy goraýyş hyzmatlary – bu ösüşiň düýp özenidir.
Syýasatyň netijeli çäreleri hakyndaky ençeme maglumatlary toplaýarys, şeýlde-de bolsa, bu çylşyrymly maksatnamalary durmuşa nädip geçrilimelidigini käwagt bilmeýäris. Munda bize goşmaça maglumat we ýolbaşçy ýörelegeler zerur bolup durýar. Syýasaty düzüji şahslar bilen anyk päsgelçilikleriň hötdesinden gelmegiň we göwrümli özgertmeleri amala aşyrmagyň gurallaryny gözlemek boýunça iş alyp barýarys.
Saglygy goraýyş ulgamlaryna degişli ýokary derejeli maslahatlaryň ikisini 2018 ýylda geçireris.
Şeýlelikde, ÝDK baglylykda saglygy goraýyş ulgamlaryň hereketi boýunça maslahat aprelde Ispaniýada geçer, ol bolsa öňe gidişlige baha bermek we ýurtlarda baha bermelerimiziň netijeleri boýunça geljekki ädimleri meýilnamalaşdyrmak üçin esas (platforma) bolar.
Tallin Hartiýasynyň kabul edilmeginiň on ýyllygyna bagyşlanan “ Maddy üpjünçilik we raýdaşlyk üçin saglygy goraýyş ulgamlary: hiç kimi ünsden düşermeli däl” atly maslahat iýunda Tallinde geçer.
Bu çäreler saglygy goraýyş ulgamlarynyň ähmiýetli-gönükdirilen baş ugurlary barada täzeden habar bermek we 2030-Gün tertibine baglylykda biziň strategiki garaýşymyzy hödürlemäge mümkinçilik berer.
Jemgyýetçilik saglygy goraýşyna esaslanýan ilkinji saglygy goraýyş -sanitar kömegini, saglygy goraýyş ulgamlarynyň esasy bölegine öwürmek üçin işleýäris.
Almaty şäherindäki ilkinji saglygy goraýyş -sanitariýa kömegi boýunça Ýewropa merkezi talaba laýyk işläp başlady, berilen goldaw üçin Gazagystanyň hökümetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Alma-Ata jarnamasyna gol çekilmeginiň kyrk ýyllygyna bagyşlanan 2018–nji ýylda geçiriljek maslahatda ara alyp maslahatlaşyljak ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegiň täze baş ugryny işläp taýýarlamagy goldamak üçin 2017-nji ýylyň iýun aýynda ilkinji saglygy goraýyş -sanitariýa kömegi boýunça Maslahat beriş geňeşini döretdim. Doktor Tedros bilen bize goşulmaga we Almatada geçiriljek bu ýokary derejeli global maslahata gatnaşmaga ähliňizi çagyrýaryn.
Barselona şäherindäki edaramyz saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmek boýunça okuwlary geçirmegi dowam edýär.
Barselona şäherndäki edaramyza hemişeki goldawy üçin Ispaniýanyň hökümetine minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
BSGG-nyň täze iki sany okuwyny size höwes bilen hödürleýärin:
* birinji okuw, inçekeseliň öňüniň alynmagyny kämilleşdirmek maksady bilen saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmäge gönükdirilen, ol sagylygy goraýyş we maliýe ministrlikleriň, şeýle-de 11 ýurdyň saglygy goraýyş ätiýaçlandyrma gaznalarynyň wekilleri üçin niýetlenen;
* ähliumumy gurşap almagy üpjün etmek üçin saglygy goraýşy maliýeleşdirmäge bagyşlanan ikinji okuw, iýun aýynda Gyrgyzystanda tomusky mekdep görnüşinde ilkinji gezek rus dilinde geçer.
Saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ähliumumy gurşap almagy, esaslandyrlyan, degişli görnüşde taýýarlanylan we netijeli gurnalan zähmet serişdesiz goldamak mümkin däl.
Saglygy goraýyş ulgamynda iş bilen meşgullylyk derejesiniň ösmegi dowam edýär. Häzirki wagtda bu ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri we özüne çekiji iş orunlarynyň möhüm çeşmesi.
Saglygy goraýyş işgärler syýasatyny işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýäris, we degişli gollanma bilen birlikde saglygy goraýşyň işgärler serişdelerini durnukly üpjün etmek boýunça çarçuwaly esas çarşenbe güni siziň dykgatyňyza ýetiriler.
Elýeterli bahadan netijeli we ýokary hilli derman serişdelerine elýeterliligiň üpjün edilmegi - saglygy goraýyş ulgamynyň hyzmatlary bilen ähliumumy gurşap almagyň esasy düzüjileriniň biri. Agza-döwletleriň birnäçesinde bu meselä uly üns berilýär.
Esasan hem girdejileriniň derejesi pes bolan ýurtlarda raýatlaryň şahsy serişdeleriniň çykdajylarynyň esasy bölegi derman serişdeleri almagyň paýyna düşýar, we ýaşaýşa möhüm täze derman serişdelerini almak mümkinçiliginiň bolmazlyk ýagdaýyna raýatlar gitdigiçe ýygy sezewar bolýarlar.
BSGG-y farmaseftiki senagaty bilen täze “sosial ylalaşygy” taýýarlamak ugrynda iş alyp barýar, ol bolsa senagat tarapyndan innowasiýalara bolan höwesleri saklamak bilen, nyrh emele getirmesinde adalatlylyga, şeýlelik bilen hem elýeterli bahadan howpsyz derman serişdeleriniň eleýterligini gazanmaga ýardam eder.
Derman serişdelerine elýeterliligi gowulandyrmak meseleleri boýunça agza-döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy berktimegiň teklibi, çarşenbe güni siziň dykgatyňyza ýetireris.
BSGG-nyň Ýewropa sebitinde, saglygy goraýşyň ýokary hilli habary we hakyky maglumatlary – bu saglygy goraýyş syýasatyň ygtybarly esasdygyna ynam bildirýäris.
Geçen ýyllaryň dowamynda bu mowzuk boýunça jikme-jik aýdyp beripdim we şoňä görä, şu gün esasy meseleleriň käbirine degip geçerin.
Saglygy goraýşyň habary has ýokary depginde ýaýraýandygyna size höwes bilen mälim edýärin, we bu mowzuk boýunça täze neşirler toplumy çapdan çykdy.
Aýratyn hem, syýasaty işläp taýýarlamak üçin hakyky maglumatlaryň has möhüm çeşmeleriniň biri bolup hyzmat edýän we syýasatyň täze görnüşlerini hödürleýän, saglyk meseleleri boýunça hakyky maglumatlar torunyň hasabatlary. Saglygyň medeni ugurlary boýunça saglyk meseleleri boýunça hakyky maglumatlar Torunyň hasabaty bu gün Britaniýanyň lukmançylyk birleşiginiň (assosiýasasynyň) sylagyna mynasyp bolýandygyna size höwes bilen habar berýärin.
Şu ýerde elektron saglygy goraýşyň ähmiýetini aýratyn bellemek isleýärin, ol üznüksiz ösmegi dowam edýär we jemgyýetçilik saglygy goraýşyň ornuna täzeçe garamaga bizi mejbur edýär.
Ýewropa komissiýasy we Maltanyň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan gurnalan, elektron saglygy goraýyş boýunça maýda geçen her ýylky maslahatynda, hakykatdanda möhüm çözgüt kabul edildi.
Penşenbe güni, bu mesele boýunça tehniki taýdan gysgajyk maslahata (brifinge) gatnaşmaga sizi çagyrýaryn, onda saglygy goraýşda uly maglumatlaryň strategiki ornuny has giňişleýin ara alyp maslahatlaşarys.
Hanymlar we jenaplar,
Ýokanç däl kesellere garşy göreşmek we olaryň emgegini peseletmek – durnukly ösüşiň maksatlarynyň we Saglyk-2020 syýasatynyň möhüm meseleleriniň biri.
Özal belläp geçişim ýaly, ÝKD–den ölümçiligiň göze görnüp duran peselmegini, şol sanda biwagt ölümçiligiň, ondan hem başga ilkinji nobatda ýürek-damar kesellerinden düýpli peselemegini gazanmagy başardyk.
Bu bolsa, Durnukly Ösüşiň Maksatlarynyň göz öňünde tutan bu kesellerden ölümçiligi peseletmek boýunça irnik wezipäni, Sebit artygy bilen ýerine ýetirip biljekdigi baradaky ynamy döredýär.
Oktýabr aýynda Urugwaýda geçiriljek ýokanç däl keselleri boýunça BSGG–nyň Global maslahatynda üstünliklerimiz barada kanagatlanma bilen aýdyp bererin.
Sebitiň ýurtlary özleriniň strategiki taýdan ýolbaşçylyk gurluşlaryny kämileşdiriýärler: milli meýilnamalar işlenip taýýarlanylýar we strategiki ugurlar kesgitlenilýär, maglumat ulgamlary kämilleşdirilýär we ýokanç däl keselleri alyp barmagyň gurluşlary işjeňleşdirilýär.
BSGG-nyň ýokanç däl keselleri boýunça Moskwadaky edarasy agza-döwletlere goldaw bermek üçin mümkinçiligi artdyrýar. Bu uly goldaw üçin Russiýa Federasiýasynyň hökümetine minnetdarlyk bildirýärin.
Şonuň bilen birlikde, ÝDK degişlikde Ýewropada geň (paradoksal) ýagdaý emele geldi.
Kliniki taýdan öňüni almagyň we gaýra goýulmasyz kömegiň hyzmatlaryny Saglygy goraýyş ulgamlary ýeterliksiz hödürleýär, temmäki we alkogol juda elýeterli bolmagynda galýar, ilat örän köp gandy, duzy we ýaglary (trans-ýaglary içine almak bilen) ulanýar. Galybersede, ýaramaz sosial we ekologiki sebäpleri bellemezlik mümkin däl.
Ýewropa sebitinde bütinleý öňüni alyp boljak ýagdaýlardan işe ukyply örän köp erkekler biwagt aradan çykýarlar.
Bu baş ýörelgeleri yza döndermäge we ÝDK epidemiýasyny ýeňmäge ýardam etjek aýgytly hereketleri görmegiň wagty gelip ýetdi.
Ýürek-damar keselleri, gipertenziýa, diabet we rak ýaly ýokanç däl keselleri alyp barmagyň gurallaryny mundan beýläk gowulandyrmaga ukyplydyrys.
Ykdysady taýdan maksada laýyk çäreleri doly derejede görmek bilen, keselleriň emgegini mundan beýläk peselmegini gazanyp bileris.
Hanymlar we jenaplar,
Biziň maksadymyz – bu waksinalaryň kömegi bilen öňüni alyp bolýan esasy keselleriň Sebitde ýok edilmegi (eliminasiýasy), we gyzamyk we gyzylja keselleriniň ýok edilmeginde (eliminasiýasynda) ep-esli üstünlikleri gazandyk.
Sebit toparynyň soňky sessiýasyndan soň geçen wagtyň dowamynda, gyzamyk we gyzylja keselleriniň endemiki geçişini ýene bäş ýurt üzmegi gazandy, şunuň bilen baglylykda bu üstünlige ýeten ýurtlaryň umumy sany 42-ä ýetdi.
Şonuň bilen birlikde, käbir ýurtlarda bellige alnan ölüm ýagdaýlary we gaýra üzülmeler bilen gyzamyk keseliniň tiz ýaýramalary, immunlaşdyrma boýunça hyzmatlary bermekde ýetmezçilikleri açyp görkezýan ýol berilmesiz yza gaýtmak ýagdaýyny belleýär.
Waksinalara degişli hereketleriň ýewropa meýilnamasy her bir çaganyň we uly ýaşly adamyň immunlaşdyrma boýunça hyzmatlary almaga hukugyny ykrar edilmegi esasynda gurulýar.
Köp işleri ýerine ýetirenimize garamazdan, saklanmaly däldiris.
Waksinalar bilen üpjün etmekde bökdençlikler, durnuksyz maliýeleşdirilme, ýeterliksiz syýasy ygrarlylyk we kesellere jemgyýetçiligiň arkaýynlaşmagy ýaly, häzirki wagtda Sebitde öwrenilişen bolmagyny bes eden päsgelçilikleri ýeňip geçmäge mejbur bolýarys.
Immunlaşdyrylma deň hukukly elýeterliligi üpjün etmek biziň esasy ugrymyz bolmagynda galýar. Syýasy goldawa we düşünikli we jogap çözgütleri kabul etmek üçin jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga çagyrmak bilen, bu meýil bilen göreşmäge hut özüm ep-esli tagallalary edýärin.
Immunlaşdyrylmagyň ýewropa hepdeligi bu ulgamda biziň öňde baryjy çärämiz bolmagynda galýar, biziň hemaýatkärimiz – onuň aly hezreti Daniýanyň şa zenanynyň dowamly goldawyny almak biz üçin uly hormat.
Geçen ýylyň görnükli hadysasyndan – Ýewropa sebitinde gyzzyrma keseleiniň ýerli geçmeginiň üzülmesinden soň – onuň dolanmagyna ýol bermezlik üçin tagallalarymyzy birleşdirdik.
Sebitimiz gyzzyrma keselinden ozalkysy ýaly azat bolmagy, şeýle-de gan soryjy mör-mökeler arkaly geçýän kesellere garşy göreşmek üçin dyngysyz hüşgärlik, epidemiologiki gözegçiligiň we pudagara we serhetara hyzmatdaşlygyň güýçli ulgamlary zerur bolup durýar.
Saglygy goraýşyň Bütindünýa assambelýasynda kabul edilen çözgüdine laýyklykda, keselleriň ýaýradyjylaryna garşy göreşmek boýunça sebit meýilnamasy işlenip taýýarlanylanda siz bilen maslahatlaşarys. Penşenbe güni hödürlenjek sebitleýin çarçuwaly esasy meýilnamanyň binýady bolup durýar.
Siziň uly tagallalarynyzyň, şeýle hem hyzmatdaşlarymyzyň, ilkinji nobatda bolsa – Global gaznanyň alyp barýan işleriniň netijesinde, bäş ýylyň dowamynda inçekeseliň ýaýramagynyň we onuň bilen bagly ölümçiligiň depginlerini peseltmekde biziň sebitimiz dünýäde ilkinji oruna eýe boldy.
Şonuň bilen birlikde, inçekesel, esasan hem onuň derman serişdelerine durnukly görnüşleri, jemgyýetçilik saglygy goraýşyň düýpli meselesi bolmagynda galýar – her ýyl keseliň 300 000–den köp täze hadysalary hasaba alynýar.
Mundan başga-da, inçekesel bilen AIW utgaşdyrylan ýokanjyň ýaýramagy her ýyl 6.2% artýar.
Häzirki wagtda, durnukly maliýeleşdirilmede inçekesele baglylykda netijeli we oýlanşykly hyzmatlary bermegiň ulgamlarynyň işi üçin saglygy goraýyş pudaklarynda bar bolan bökdençlikleriň garşysyna esasy ünsimizi gönükdirdik.
Inçekesel boýunça ministrler derejesinde taryhda ilkinji Global maslahaty şu ýylyň noýabr aýynda Russiýa Federasiýasy geçirjekdigini ýatlatmaga rugsat ediň, onuň netijeleri bolsa 2018-nji ýylda BMG Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli Maslahatynda ara alyp maslahatlaşylar.
Baş direktor bilen men bu möhüm çärä gatnaşarys, we bu göreldä eýermegiňizi siziň ähliňizi çagyrýaryn.
AIW-ýokanjyň epidemiýasy howply depginler bilen Sebitde ýaýraýar, şonuň üçin hem haýal etmän hereket etmelidiris.
2006-njy ýyldan bäri tutuş Sebit boýunça täze hadysalaryň sany 75 % ösdi, Gündogar Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda ol iki essdenen hem bokary ösdi, esasan hem – iki ýurtdaky hadysalaryň netijesinde.
Geçen ýyl hereketleriň täze Meýilnamasyny tassykladyk we AIW-ýokanjyna garşy göreşmek üçin güýçli depginli we innowasion çäreleri görmäge boýun aldyk.
AIW-ýokanjy bilen galtaşan ýurtlary, gaýra goýulmasyz hereketlere we berk ygrarlylyga ýene bir gezek çagyrmak isleýärin. Epdemiýany haýal etmän yza gaýtarmak üçin ylmy taýdan esaslanan syýasaty alyp barmak bilen, Meýilnamanyň doly amala aşyrylmagyny gazanmalydyrys.
2018–nji ýylyň iýul aýynda Niderlandlarda geçiriljek AIDS boýunça Ýigrimi ikinji halkara maslahaty, AIW ýokanjy boýunça habar we hakyky maglumatlary alyşmak üçin örän öňat esas boljakdygyna ýatlamatmaga maňa rugsat ediň.
Wirusly gepatitlara garşy göreşmek boýunça Sebit meýilnamasy, wirusly gepatitlara garşy göreşmek işinde ygrarlygylyň ösmegine we Sebitiň dürli ýurtlarynda wirusly gepatitiň С görnüşiniň bejergisini içine almak bilen, olara degişli hyzmatlaryň has giň elýeterliligine getirdi.
Eger biz wirusly gepatitleriň ýok edilmegini (eliminasiýasyny) hakykatdan hem isleýän bolsak, bu bellenilen rowaçlanyşyny peýdalanmak we bu keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek maksady bilen toplumlaýyn çäreleri görmegimiz zerur.
Mikroblara garşy derman serişdeleriň durnuklylygna garşy göreşiň global göwrümli depginleriniň güýçlenýändigine görä, Sebitimizde ýutlaryň köpüsi hereketleriň köp pudakly milli meýilnamalary amala aşyrmagyň üstünde işläp başlaýandyklaryny höwes bilen belleýärin.
Bu global howplara täsir etmek maksady bilen BMG-nyň agentlikleri we ösüş ulgamyndaky edaralar bilen bilelikdäki hereketlerimizi has giňeldýäris.
Uly iýgrimligiň maslahatynyň gün tertibinde saglyk meselelerine merkezi orun berendigi we şu ýyl kabul edilen Berlin jarnamasynyň çäklerinde mikroblara garşy derman serişdeleriň durnuklylygyna we saglygy goraýşyň global möçberindäki beýleki meselelerine garşy göreşmek bagly borçnamalary öz üstüne alandygy üçin Germaniýanyň Hökümetine minnetdarlyk bildirmek isleýarin.
Hereketleriň Ýewropa meýilnamasyny amala aşyrylmagynyň we ýakynda çap edilen «Bitewi saglygy goraýyş» mikroblara garşy derman serişdeleriň durnuklylygyna garşy göreş boýunça Ýewropa bileleşiginiň hereketleriniň Meýilnamasyny ýerine ýetirmeginiň ugrynda bilelikde iş alyp bararys.
Antibiotiklary dogry ulanmagy üçünji Bütindünýä hepdeligi tutuş dünýäde noýabr aýynda geçiriler. Geçen ýyl bu başlangyja Sebitiň 47 ýurdy gatnaşdy, şu ýyl bolsa Bütindünýä hepdeligini 53 ýurt bellär diýip umyt edýärin. Şeýle hem Onuň Alyhezreti Daniýanyň şa zenany tarapyndan berilen gymmatly goldawyny bellemek isleýärin.
Hanymlar we jenaplar,
Saglygy goraýyş pudagynda adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygyň üpjün edilmegi we olara täsir etmek Sebit edarasynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Saglygy goraýyş pudagynda adatdan daşary ýagdaýlar boýunça BSGG- nyň täze Meýilnamasy mundan beýläk doly möçberde işleýändigini uly höwes bilen habar berýärin. Täze adaty (standart) operasion düzgünler herekete girizildi, we adatdan daşary ýagdaýlara täsir etmegiň Gurluşunyň täzelenen görnüşini girizmek boýunça iş alnyp barylýar. Saglygy goraýyş pudagynda ýakyndaky adatdan daşary ýagdaýlaryň ählisine çalt we netijeli täsir etme muňa tassyklama bolup hyzmat edýär.
Saglygy goraýyş ulgamlaryna we jemgyýetçilik saglygy goraýşyň wezipelerine baglylykda Halkara saglygy goraýyş–arassaçylyk düzgünleriniň çäklerinde adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlygy ýokarlandyrmak we mümkinçilikleri berkitmek Ýewropa sebitinde esasy ugrymyz bolup durýar.
Halkara saglygy goraýyş–arassaçylyk düzgünlerine we ähli howplary hasaba alma ýörelgesine, şeýle-de köp pudakly we umumy döwlet çemeleşmesine esaslanmak bilen ileri tutulýan ýurtlarda salgy çäreleri amala aşyrylýar.
Gowşak bileleşiklere we ynsanperwer häsiýetli jogap çäreleriň we sosial adalatlylyga daýanmak bilen ösüş pudagynda hereketiň arasynda berk gatnaşyklary emele getirmäge üns berilýär.
Halkara saglygy goraýyş–arassaçylyk düzgünleriniň çäklerinde esasy mümkinçilikleriň giňeldilmegi, şeýlde-de ähli degişli milli we halkara subýektleri we raýat jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň çyňlaşdyrylmagy–jemgyýetçilik saglygynyň howpsyzlygy ugrynda biziň işimiziň esasy düzüjileri. Halkara saglygy goraýyş–arassaçylyk düzgünleriniň doly möçberde we toplumlaýyn amala aşyrylmaga ýurtlaryň ygrarlygy aýgytly ahmiýete eýedir.
Adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk meseleleri boýunça edaranyň Stambulda döredilmegi mümkinçiliklerimizi has-da artdyrar; şunuň bilen baglylykda bu işe ygrarlyk üçin Türkiýäniň Hökümetine minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Gowylandyrylan utgaşdyrylma we bilelikdäki herekete, şeýle-de hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki herekete daýanmak bilen, Sebitde uzaga çekiji adatdan daşary ýagdaýlaryň ikisi bilen bagly jogap çäreleriň amala aşyrlyşyna ýolbaşçylyk edýäris we utgaşdyrýarys.
Kiýewdäki ýurt edarasynyň we üç sany meýdan wekilhanalaryň kömegi bilen ynsanperwer häsiýetli halkara jogap çäreleriň amala aşyrylyşyna BSGG-y Ukrainda ýolbaşçylyk edýär.
Lukmançylyk maksatly serişdeler bilen üpjünçiligi Hyzmatdaşlar bilen BSGG-y bilelikde amala aşyrdy we çaknyşyk zolagynyň ugrynda ýaşaýan adamlara esasan hem-öz ýurdyndan içerki göçürilen şahslara hyzmat edýän ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömeginiň göçme toparlaryny döretdi.
Psihiki saglygy goramak we psihososial goldaw boýunça hyzmatlary hödürlemekde köp ugurly toparlar kömek berdiler, gözegçi nokatlar bolsa ýokanç keseller baradaky maglumatlary dowamly berip başladylar.
Türkiýe – dünýäde bosgunlaryň has uly sany boýunça ýurt, ol ýerde häzirki wagtda 3 milliondan hem köp siriýa bosgunlary ýerleşýärler.
Saglygy goraýşyň esasy hyzmatlaryna bosgunlaryň elýeterliligini gowylandyrmaga gönükdirilen saglygy goraýyş ulgamyň işine Türkiýanyň Saglygy goraýyş ministrligi bilen bilelikde ýolbaşçylyk edýäris.
Degişli taýýralygy geçmek bilen, saglygy goraýşyň siriýaly hünärmenlerine, bosgunlara hyzmat edmäge mümkinçilik berýän örän möhüm täze kanuny Türkiýe kabul etdi.
Şu güne çenli siriýaly lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň we terjimeçileriň 2000-ňe golaýyny taýýarladyk, olar ilkinji we ikinji saglygy goraýyş kömeginiň gulluklarynda işlärler.
Türkiýede ulanylýan bu täze usul, bosgunlar üçin saglygy goraýyş hyzmatlaryna ähliumumy elýeterliligi üpjün etmekde özüniň netijeliligini görkezdi; şular ýaly ýagdaýlar bilen duçar bolan beýleki ýurtlar üçin gowy görelde bolup hyzmat eder.
«Umumy siriýa» çemeleşmesine laýyklykda, adatdan daşary agyr şertlerde işlemek bilen BSGG-nyň Ankaradaky sebit edarasy we Gaziantepdäki meýdan wekilhanasy Siriýanyň demirgazygynda serhetara ynsanperwer kömegi bermegi dowam edýär.
BSGG-y we saglygy goraýyş pudagyndaky hyzmatdaşlary gyssagly saglygy goraýyş kömegini bermek üçin toplumlaryň, derman serişdeleriň we lukmançylyk maksatly zatlaryň üpjünçiligini amala aşyrdylar; şeýle-de olar ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa kömegininiň hyzmalaryny, psihiki saglygy goramak we psihososial goldaw boýunça hyzmatlary berdiler, şeýle hem çagalaryň waksinalar arkaly sanjymlaryny geçirdiler.
Siriýanyň demirgazygynda aýlanýan poliowirusyň 2 görnüşiniň waksinadan gelip çykmagynyň 39 hadysasynyň peýda bolmagy ynjalyksyzlygy döredýär. Gündogar Orta ýer deňiziniň ýurtlary üçin Sebit edarasy bilen netijeli hyzmatdaşlygyň netijesinde, jen-jele garamazdan, tiz ýaýramagyň bökdemek maksady bilen gowşak çagalaryň 84 % waksina bilen gurşalyp alyndy.
Hanymlar we jenaplar,
Saglygy goraýyş kömeginiň dar çäklendirilen paradigmasynyň çäginden çykmalydyrys we giň köp pudakly çemeleşmä doly syýasy ygrarlylyk halatynda, ähli kesgitleýji sebäpler bilen toplumlaýyn we utgaşdyrylan işe gönükdirilen bu çemeleşmäni ulanmalydyrys.
Bir biri bilen bagly kesgitleýji sebäpleriň tutuş toplumy adamyň durmuşynyň ähli döwürlerinde täsir edýär, olara bolsa syýasatyň çäreleri, jemgyýetde kabul edilen daşky şertler we kadalar täsirini ýetirýär.
Saglyk bilen bagly deňsizlikler ykdysady we sosial ösüşe, şeýle-de ýurtlaryň syýasy durnuklylygyna düýpli howp salýar.
Saglyk bilen bagly deňsizlikleriň azaldylmagy üçin, bilim möhüm ähmiýete eýedir.
Saglygyň ähli kesgitleýji sebäplerine täsir etmezden saglygyň gowylanmagynda we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagynda ösüş mümkin däl: syýasy, ykdysady, ekologiki, sosial, özüňi alyp barma, medeni we täjirçilik.
Bu ugurda Sebit edarasy düýpli habar beriş-düşündiriş işini we hakyky maglumatlary toplamagy alyp barýar, şeýle-de ýurtlarda çäreleriň amala aşyrlyşyna ýardam edýär.
Özüňi alyp barmagyň esasy kesgitleýjileri bilen bagly, saglyk peýdasyna saýlaw üçin mümkinçilikler sosial taýdan şertlendirilen, sebäbi olara sosial we ykdysady kadalar we syýasatyň çäreleri täsir edýär. Özüňi alyp barmagyň esasy kesgitleýjileriň mysallaryň toplumyny hödürlemäge tugsat ediň.
Temmäkä garşy göreşde üstünlikleri gazanýarys.
Temmäki önümleri üçin ýönekeý gaplaryny ulanmagy girizmäge ýardam etmekde global ymtylyşy mysal hökmünde getirip bolar.
Bu ymtylyşda öňde baryjy orny eýeleýän we ýönekeý gaplaryny ulanmagy girizmek barada kanuny kabul eden ýedi sany ýewropanyň agza-döwletlerine men minnetdarlygymy bildiresim gelýär.
Gazanylan üstünliklere garamazdan, gynansak-da, sebit derejesinde çilim çekmegiň ýaýramagynyň peseldilmeginiň depginleriniň şu wagta çenli örän pes derejededigini görmek bolýar.
Temmäkä garşy göreşmek ugrunda biziň işimize berýän ýardamy üçin Türkmenistanyň Hökümetine minnetdarlygymy bildirýärin.
Biz şu tagallalarymyzyň netijelerini indiki ýylda geçiriljek Ýokanç Däl Keseller boýunça ministrleriň Ikinji maslahatynda hödürlemek üçin iş geçirýäris.
Temmäki önümleriniň bikanun söwdasyny ýok etmek baradaky Beýannamany tassyklamaga tutanýerli çagyryş bilen ähli agza-döwltelere ýene-de bir gezek ýüzlenmäge rugsat ediň.
Beýannamanyň güýje girizilmegi üçin, onyň ýene-de 10 sany döwlet tarapyndan tassyklanylmagy zerur, bu barada şu gün irden BSGG-ň Baş direktory hem nygtady.
Häzirki wagtda alkogoly ulanmagyň derejesiniň peseldilmegi örän haýal depgin bilen ýerine ýetirilýär; 2030-njy ýyla çenli global maksatlaýyn bellige ýetmek maksady bilen 2025-nji ýyla çenli 10% peseldilmegi üçin yhlas edýäris.
Alkogola degişlilikde syýasatyň has işjeň çärelerini käbir ýurtlar görýärler we alkogol içgileriniň bahalaryny düzgünleşdirmek, olaryň elýetrerliligi we önümçiligi we ýerlenilmegi üçin kanunçylyk çärelerini kabul edýärler. Emma bu ugyrda heniz ençeme işleri amala aşyrmagymyz gerek.
Esasan hem çagalarda we ýetginjeklerde semizligiň we ýaramaz iýmitlenmegiň tertipleriniň ýaýramagynyň ösmegi düýpli ynjalyksyzlygy döredýär, sebäbi bu, bize gazanmaga başardan biwagt ölümçiligiň görkezijilerinde kanagatlanarly özgertmeleriň peselmegine ýa-da yza dönmegine eltip biler. Öňüni alyş çäreleriniň janlylygyny we netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen täze çözgütleri gözlemegimiz zerur.
Hanymlar we jenaplar,
Saglyk bilen bagly deňsizlikler öz göz başyny saglygyň sosial kesgitleýji sebäplerinden alyp gadýar. Saglyk bilen bagly deňsizlikler, diňe bir ilatyň garyp gatlaklaryna däl-de, eýsem ähli adamlara öz ýaramaz täsirini ýetirýär. Olaryň netijeleri ýurtlar üçin pes ykdysady görkezijilerde, uzak möhletleýin sosial adalatsyzlykda we, ahyrky netijede bolsa, syýasy durnuksyzlykda şöhlelenýär.
Ýewropa sebiti, sosial kesgitleýji sebäplere täsir etmäge ýardam etmek boýunça çärelerini we pudagara strategiki çemeleşmelerini işläp taýýarlamakda we durnukly ulanmakda esasy başyny başlaýjysy bolup durýar.
Sosial goraga aýratyn üns bermek bilen syýasat pudagynda we döwleti dolandyrmagyň ähli ulgamlarynyň we tutuş jemgyýetiň möçberinde strategiki ýolbaşçylygy ulgamynda sazlaşykly we bitewleşdirrilen çäreleri görmegimiz gerek. Häzirki wagtda bu ähli ýurtlaryň hökümetleri üçin esasy ugur bolmalydyr.
Saglyga we ösüşe maýa goýumlar boýunça BSGG-nyň ýewropa edarasy subut ediji binýady döretmekde we saglygyň sosial taýdan kesgitleýji sebäplerine baglylykda anyk we syýasy çäreleri amala aşyrmagyň zerurlygyny goramakda saldamly goşant goşýar. Edara ýakynda resmi taýdan täze bina göçdi, üzniksiz goldaw üçin Italiýanyň Hökümetine we Weneto Sebitine minnetdarlyk bildirýärin.
Baha bermeleriň maglumatlaryna görä, howpyň ekologiki sebäpleri Sebitde öňüni alyp boljak 1,4 million ölüme getirýär.
Ölümçiligiň kabul edip bolmajak bu görkezijilerini peseltmegiň işine täzelenen syýsay ygrarlylyk, Iýun aýynda Ostrawada geçirilen daşky gurşaw we saglygy goramak boýunça ministrleriň Altynjy maslahtynyň netijesi boldy.
Maslahat, BMG Ýewropa ykdysady topary we daşky gurşaw boýunça BMG maksatnamasy (ÝUNEP) bilelikde, şäherleriň we sebitleriň işjeň gatnaşmagynda gurnaldy.
Görkezilien myhmansöýerlik üçin Çehiýa Respublikasynyň Hökümetine we häkimiýetiň sebit edaralaryna çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin.
Durnukly ösüşiň maksatlarynyň çäklerinde degişli wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça borçnamalary, şeýle-de 2018-nji ýylyň ahyryna çenli milli derejede hereketi amala aşyrmagyň depginlerini ösdürmegi Ostrawa jarnamasynda agza-döwletler öz üstüne aldylar.
Bonnadaky daşky gurşaw we saglygy goramak boýunça BSGG-yň Ýewropa merkezine berýän üznüksiz goldawy üçin Germaniýanyň hökümetine ninettdarlyk bildirýärin.
Ostrawa jarnamasynda kesgitlenen esasy ugurlaryň ýedisine aýratyn üns bermek bilen, daşky gurşaw we saglygy goramak ulgamynda toplumlaýyn tehniki goldawy geljekde hem, merkez berer.
Hanymlar we jenaplar,
«Saglyk – 2020 syýasat bilen baglylykda durmuşyň ähli döwürlerini gurşap alma» ady bilen Belarussiýada geçirilen BSGG-nyň Ministrler maslahatynyň netijelerini geçen ýyl maslahatlaşdyk. Saglygyň we abadançylygyň adalatly derejesini ähli adamlara üpjün etmek - öz maksatlarymyza ýetmek üçin durmuşyň ähli döwirlerini gurşap alýan çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ylalaşdyk. Degişlilikde, bu ýyl soraglaryň birnäçesine degip geçerin.
Jynsy we nesil öndüriji (reproduktiw) saglygy goramagy ugrynda hereketleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek ýaly, aýallaryň, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygynyň goramak, ozalkysy ýaly biziň işimiziň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny baradaky hakykaty bellemäge maňa rugsat ediň.
Jynsy we nesil öndüriji (reproduktiw) saglygy goramk ugrynda öz milli baş ýörelgeleri işläp taýýarlamakda ýurtlary goldaýarys.
Jynsy duýgyrlyk we saglygy berkitmek ýaly ugurlaryň meseleleri boýunça goşmaça teklipler baradaky talaplaryňyza jogap edip, bu ulgamda aň-bilim bermek ýaly ugurlaryň geljekki ösüşiniň üstünde işe başladyk.
Eger biz «Hiç kimiň ünssiz galmazlygyna» hakykatdan ymtylýan bolsak, psihiki bozulmalary bar bolan we çäklendirilen psihososial mümkinçilikleri bolan adamlaryň meseleleri baradaky habardarlylygy ýokarlandyrmak üçin öz tagallalarymyzy iki esse artdyrmalydyrys.
Adam hukuklarynyň berjaý edilmegi ýörelgesini, şeýle-de şu ýyl Bütindünýä saglyk gününiň baş mowzugy bolan depressiýanyň öňüni almagyň we bejermegiň baş ýörelgelerini aýratyn bellemek bilen, uzak wagtlaýyn bolmak edaralarynda kömegiň standartlaryny we hilini gowylandyrmagyň ýollary, ertir ministrleriň iş öýlänliginiň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşylar.
Ünssiz goýup bolmaýan ýene bir topar – bu bosgunlar we migrantlar.
Hereketleriň Ýewropa meýilnamasyny amala aşyrmak bilen biziň Sebitimiz bu ugurda öňde baryjy orny eýeleýär. Maý aýynda saglygy goraýşyň Bütindünýä assambleýasynyň mejlisinde garalan, bosgunlaryň we migrantlaryň saglygyny berkitmek üçin esasy ugurlaryň we baş ýörelgeleriň global ulagamyny işläp taýýarlamakda möhüm goşant goşdyk. Häzirki wagtda BMG-y tarapyndan işlenip taýýarlanylýan bosgunlar hakyndaky Global ylalaşygynda we howpsyz, düzgünleşdirilen we kanuna laýyk migrasiýa hakyndaky Global ylalaşykda saglygy goramagyň meseleleri doly möçberde göz öňünde tutyljakdygyny kepillendirmek üçin indi bize tagallalarymyzy birleşdirmek gerek.
Italiýanyň Hökümetiniň we Sisiliýa sebitiniň saglygy goraýyş Geňeşiniň goldawy netijesinde, 2016-njy ýylyň noýabr aýynda BSGG-ň saglyk we migrasiýa meseleleri boýunça Ýewropa maglumat merkezi resmi taýdan öz işine başlady. Şu ýyl Merkeziň binýadynda bosgunlaryň we migrantlaryň saglyk meseleleri boýunça birinji Tomusky mekdebini geçirdik.
Hanymlar we jenaplar,
Biziň ýerine ýetirýän işlerimiziň ählisi ýurtlar bilen bilelikde we ýurtlar üçin amala aşyrylýar, we saglygy goraýyş ulgamynda ýurtlaryň zerurlygy hemişe üns merkezimizde durýar.
Ýewropa ýurtlarynyň ýaşaýjylarynyň saglyk ýagdaýyny we abadançylygyny gowulandyrmak ugrynda ygrarlylyk we önjeýli hyzmatdaşlyk üçin ähli agza-döwletlere minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
Biziň kabul eden borçnamalarymyzy berjaý edilmegi bilen bagly işiň öňdäki hatarynda ýurt edaralarynyň işgärler düzümi durýar. Sebit edarasy derejesinde birinji derejeli işgärler düzümini goldamak bilen, öz ýurtlarymyzyň edaralarynyň işgärler mümkinçiligini ep-esli derejede güýçlendirdik.
2014–nji ýyldan başlap ýurt edaralarynyň sany üç esse artdy, olara BSGG-nyň halkara derejeli wekilleri ýolbaşçylyk edýärler.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, ak ýürekli we nusgalyk işi üçin öz kärdeşlerimize minnetdarlyk bildirmek isleýärin.
BSGG- nyň ýurtlarda bolmagy barada gürrüň berilýän we ýurtlar derejesinde giň hereketimiziň mysallarynyň toplumy gorkezilýän resminamany, Sebitleýin komitetiň häzirki sessiýasy üçin taýýarladyk.
53 agza-döwletleriň bahbitleri üçin Sebit edarasy ýurt derejesinde öz işini güýçlendirmegi nädip dowam edendigi barada, ertir geçiriljek tehniki gysgajyk maslahatda (brifingde) size gürrüň bererler.
Sebitleýin strategiki wezipeleri, milli bähbitleri we hyzmatdaşlygymyzy berkitmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin, Sebit edarasyna bolan ministrleriň saparlary, geçen ýyllardaky ýaly ajaýyp esas bolup hyzmat etmegi dowam etdi.
Ministrler derejesindäki 15 wekiliýeti we beýleki ýokary derejeli wekiliýetleri Sebit edarasynda kabul etmek bize miýesser etdi.
28 ýurda baryp görmek maňa nesip etdi, we şol saparlaryň dowamynda görkezilen ýokary derejedäki syýasy ygrarlylyk üçin örän minnetdar.
Maňa diňe bir ministrler bilen däl, eýsem prezidentler we premýer-ministler bilen duşuşmak miýesser etdi, bu bolsa ýokary döwlet derejesinde saglygyň bahbitlerini goramaga we saglygy goraýyş ulgamyndaky gün tertibini durmuşa geçirmäge ýardam bermek mümkinçiligini beripdi.
Bellenilişi ýaly, biziň işimiz hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki hereketde amala aşyrylýar, bu gün bu ýerde hyzmatdaşlarymyzyň köpüsiniň gatnaşýandygyny görmäne şatdyryn. Bar bolan hyzmatdaşlyga esaslanmagy dowam edýäris. Hyzmatdaşlyk pudagynda teklip edilýän baş ýörelgäniň kömegi bilen hyzmatdaşlarymyz bilen ähli derejelerde (şol sanda raýat jemgyýetçiligini we hususy pudagy) özara aragatnaşygymyzy giňeltmäge taýýarlanýarys.
Sebit komitetiniň sessiýalaryna gatnaşmaga hukuk berýän, döwlete degişli däl pudaklara akkreditasiýalaryň berilmeginiň gidişi (prosessi) şu hepdede siziň garamagyňyza hödürlener.
Hanymlar we jenaplar,
Şu iki ýylyň dowamynda hereketimiziň netijelerini gowylandyrmak maksady bilen hasabatlylygyň ygtybarly ulgamynyň işini goldamak we ähli operatiw prosesslere dolandyrmagyň düzüjisini girizmek üçin işi dowam etdik.
Düzgünleriň we talaplaryň berjaý edilmegi bilen bagly howplara degişlilikde nolluk çydamlylygynyň syýasaty Guramada kabul edildi.
Biz size «aşakdan ýokaryk» ýörelgesi boýunça bilelikde meýilnamalaşdyrylmagynyň netijesi bolan, 2018-2019-njy ýyllar üçin Maksatnamalaýyn býujetiň ýerine ýetirilmeginiň sebitleýin meýilnamasyny hödürläris.
Onda global aralyk netijelerini gazanmakda Ýewropa sebitiniň goşandy umumy häsiýetde görkezilýär.
Bu resminama hasabat bermekligi üpjün etmek maksady bilen mundan beýläk hem biziň aramyzdaky özboluşly «şertnama» bolup durar.
«Aşakdan ýokaryk» çemeleşmesi esasynda bu işe işgärleriň gatnaşmagynda BSGG-ň özgertmesi durmuşa geçirilmegi dowam eder.
Serişdeleriň jemlenilmesi, ýurt derejesine aýratyn üns bermek arkaly, hyzmatdaşlyk aragatnaşyklary berkitmäge gönükdiriler, ýetilen netijeleriň soraglary boýunça dürs aragatnaşyk bolsa, hasabat bermegi üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Şeýle-de biz şu gün, Durnukly Ösüşiň Maksatlary bilen ylalaşylan, ýeke-täk bitewileşdirilen we arabaglanyşylan maksatnamalaýyn esas hökmünde, işiň On üçünji umumy maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşarys.
Bu resminamada, saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ähliumumy gurşap almak bilen baglanyşykda XXI ýüz ýyllyk döwür üçin saglygy goraýşyň syýasatyna we saglygy goraýyş ulgamlaryna esasy üns beriler.
Biziň geljegi bar bolan göz ýetirişi we artykmaçlyklary bilelikde kesgitlemek üçin, men siziň teklipleriňizi we bellikleriňizi doly gulak asjakdygyma umyt baglaýaryn.
Hanymlar we jenaplar,
Saglyk we abadançylyk adamyň kämilleşmeginiň merkezi düzüjileri bolup durýarlar.
Indi biz, saglyk we abadançylyk soraglary boýunça ep-esli bilimleriň möçberine, şeýle hem saglygyň kesgitleýji sebäpleri we olaryň arasyndaky arabaglanyşygy barada hakyky maglumatlara eýediris.
Eger-de biz ýeterlikli gaýduwsyzlygy görkezsek, biz adamlaryň ömür dowamlylygynyň uzalmagyny we onuň hiliniň ýokarlanmagyny gazanyp bileris.
Biz deň hukuklylyk we raýdaşlyk ýörelgeleri esasynda şol maksatlara ýetmek üçin öz hyjuwlylygymyz barada ýene-de bir gezek habar bermeli.
Durnukly Ösüşiň Maksatlary we Saglyk-2020 syýasaty bize ýol görkezýärler.
Bize Ýewropa sebitinde syýasatçylar, syýasaty emele getirýän we karar kabul edýän şahslar, hünärmenler we köpçülik tarapdan ygrarlylygy gazanmak zerurdyr.
Biziň öňümizde duran meseleler- bu hem mümkinçilikler hem-de çagyryş.
BSGG-y, hiç kimi ünsden düşürmezden, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň saglygyny durnukly we deň hukukly gowulandyrmaga yhlasly.
Üns bereniňiz üçin sag boluň!